Jemgyýetiň işjeň bölegini düzýän ýaşlar bilen döwrüň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň aýratyn uly orny bar. TMÝG-niň Daşoguz welaýat, şäher, etrap geňeşleri tarapyndan meýilnama laýyklykda edara-kärhanalarda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», atly bäsleşikler, tomus paslynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde olaryň wagtlaryny täsirli geçirmekleri we dynç alýan pursatlarynyň ýatda galyjy bolmagyny gazanmak maksadynda dürli ýaryşlar, döredijilik duşuşyklary guralýar. Wagyz-nesihat duşuşyklarynyň, dürli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň sagdyn bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmeklerine ýokary täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň ösüşlerini döredijiligi, şirin owazlary bilen wasp edýän, sport bilen meşgullanyp, görelde görkezýän zehinli çagalara, çagalar döredijilik toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, galkynyşly döwrümizde ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, ýaşlary beden we ruhy taýdan sagdyn, watançylyk ruhunda terbiýelemekde çekýän asylly zähmeti hem-de döredijiligi bilen ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy ýaşlary ruhubelentlige, watansöýüjilige, ata Watana ygrarlyga çagyrýar, olary täze gözleglere, üstünliklere ruhlandyrýar.