Watanyň daýanjy
weather dashoguz 28° C Daşoguz

Watanyň daýanjy

Jemgyýet
03.06.2024  18

TMÝG-niň Daşoguz welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleri «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň tassyklanan meýilnamasy esasynda dürli ugurlar boýunça wagyz-nesihat işlerini, bäsleşikleri, taryhy ýerlere gezelenç çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirýärler. Etrap, şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän yzygiderli çäreleriň oňyn netijelerini bolsa ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda, sportda we beýleki ugurlarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlarymyzyň ýylsaýyn artyp barmagynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, bilim-hünär almaklary, dünýäniň iň kämil, ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, geljekde-de dörediljekdigi barada nygtady.

Halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsus edep-terbiýe alan, döwrebap tehnologiýalardan kämil baş çykarýan türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň sazlaşykly ösüşlerine önjeýli goşant goşýarlar. Islendik ugry alyp görenimizde, zähmet adamlarynyň aglaba böleginiň ýaşlardan ybarat bolmagy hem ata Watanymyzyň güýji-kuwwaty, daýanjy hasaplanýan ýaşlaryň döwrümizi gülletmekde, ata Watanymyzy ösdürmekde öz öňlerinde durýan wezipelere doly düşünýändiklerine, Watan öňündäki perzentlik borçlaryny mynasyp ödeýändiklerine şaýatlyk edýär.

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli ugurly çäreler, bäsleşiklerdir sport ýaryşlary olaryň döwür bilen aýakdaş gitmegine hem-de döwlet ähmiýetli işlere işjeň goşulyşmagyna uly ýardam berýär. Sazlaşykly işler hormatly Prezidentimiz bilen bagtyýar ýaşlaryň jebisligini has-da berkidýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Köňülleriň çyragy sen, Pyragy!
10.04.2024   36
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   36
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   34
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   64
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   39
Jemgyýet Bilimli nesil — Watanyň guwanjy
29.04.2024   34
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   38
image