Tomusky dynç alyş möwsüminde okuwçy ýaşlaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde kemsiz dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri ugrunda yzygiderli alada edilýär.
Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň wagtyny peýdaly we gyzykly geçirmekleri üçin iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu merkez bagtyýarlygy hakykata öwürýän ertekiler dünýäsidir. Bu ýerde çagalaryň diňe bir dynç almagy däl, eýsem, täze bilimleri öwrenmegi, dostlaşmagy hem-de ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin hem giň mümkinçilikler bar.
Häzirki wagtda çagalar möwsümiň üçünji tapgyrynda doly derejede dynç alýarlar. Ol ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary, bilim, sport bölümleri tarapyndan ýörite meýilnama esasynda dürli çäreler, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Merkezde guralýan medeni çäreler çagalaryň ýadynda ömürlik galýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we şäher geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Geçmişden geljege ýagty ýadygär — medeni mirasym dünýä ýaň salýar» ady bilen welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäreleri hem guralýar. Ýaş nesillerimiziň şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen guralýan gezelenç çärelerinde çagalar geçmiş taryhymyza degişli dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmeler hakda söz açýan arheologik tapyndylar, fotosuratlar hem-de halkymyzyň buýsanjy saýylýan Görogly beg türkmen, Alp Arslan, Jelaleddin Soltan ýaly şahslarymyzyň suratlaryna syn edýärler. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklar çagalarda uly täsir galdyrýar.