Watanyň bagtyýar nesilleri
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Watanyň bagtyýar nesilleri

Jemgyýet
24.05.2024  393

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly bäsleşigiň birinji tapgyry Daşoguz welaýatynzda uly ruhubelentlikde geçirildi.

Bagtyýar nesilleriň kalbynda ata Watanymyzyň gözelliklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine hem-de parahatçylyga bolan söýgini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bäsleşik berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesilleriň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 14 ýaşa çenli çagalaryň çeken surat eserleriniň sergisi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryldy. Emin agzalary bäsleşigiň düzgünine görä, zehinli çagalaryň 50 sany işini TMÝG-niň Merkezi geňeşine hödürlediler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli mirasyň buýsançly waspy
17.10.2024   341
Jemgyýet Ýol abat-il abat
12.09.2025   152
Jemgyýet Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
25.12.2024   335
Jemgyýet Baý mazmunly söhbetdeşlik
20.03.2025   410
Jemgyýet Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
31.10.2025   130
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   423
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   369
image