Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi

Jemgyýet
31.10.2025  115

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp barýan Bitaraplyk taglymatynyň baş maksady dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda birek-birege ynanyşmagy, parahatçylygy, dost-doganlygy gazanmakdan, parahatçylyk arkaly ählumumyösüşi üpjün etmekden ybaratdyr.

Parahatçylyk ynanyşmakdan, agzybirlikden, hoşniýetli ýylgyryşlardan başlanýar. Ynsanyň uzak ömür sürmegi, sagdyn ýaşamagy üçin tämiz howanyň, arassa suwuň, ter önümleriň gerek bolşy ýaly, parahatçylyk hem zerurdyr. Çünki parahatçylyk bolan ýerde ýaşaýyş bar, gülleýiş bar. Şonuň üçin parahat durmuşy wagyz etmek her bir ynsanyň borjudyr.

Ynam ynsan üçin edil umyt ýaly zerurlyk. Ynsany umyt-arzuwy ýaşadýan bolsa, ynam şol ýaşaýşa ganat berýär. Ynanyşmak bolsa ynsanlaryň, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara ganat berýär. Şeýle bolansoň, şu ýylymyzyň şygarynda ynsan durmuşy üçin iň zerur gymmatlyklaryň orun alandygyna göz ýetirýäris.

Watan — ata-babalarymyzyň bize galdyran iň uly mirasy. Bu mirasyň müňýyllyklaryň deňinden ötüp, bize gelip ýetmeginde birek-birege ynanmagyň, agzybirligiň, ula hormat, sarpa goýmak ýaly ýörelgelerimiziň orny uludyr. Sebäbi hut şu ýörelgeler gadymy toprakda parahatçylygyň höküm sürmegine şert döredipdir. Şeýlelikde, asyrlaryň dowamynda kalplarda ýaşan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Ajaýyp zamanymyzda bolsa hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň kalbynyň bezegi bolan ol ýörelgeleri dünýä açyp görkezýär. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän dessurlara görä, halkymyz her bir ýeten belentden-belent sepgitlerini toý-baýramlara besleýär. Çünki toý-baýram asudalygyň, parahat durmuşyň, bagtyýarlygyň nyşany. Toý-baýramlarda birek-birege, Watana bagyşlanyp iň ýagşy arzuwlar aýdylýar. Ol arzuwlaryň iň naýbaşylarynyň biri-de ýurt parahatçylygy bilen baglanyşykly. Şeýle ýagşy arzuwlaryň geljekki menzillere nur bolup, şugla saçýandygyna bolsa bu günki gün ähli raýatlarymyz çyn ýürekden ynanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz özüne siňen ýagşy arzuw-niýetler kimin rowaçlyklara beslenýär. Şu ýylda tutulýan toý-baýramlarda edilýän arzuwlar ähli gymmatlyklarymyza üstünlik bagyş edýär.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   208
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   127
Jemgyýet Hoş geldiň sen, Täze ýyl!
08.01.2025   454
Jemgyýet 12-nji iýun — Ylymlar güni
12.06.2025   272
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   264
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
13.09.2025   145
Jemgyýet Bagtyýar nesilleriň dilleriniň senasy
09.12.2025   99
image