Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka

Jemgyýet
18.07.2025  235

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz halkara derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy hem munuň şeýledigini anyk tassyklaýar.

Şu halkara maslahatyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, düýn TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «BMG-niň «Awaza» forumy: durnukly ösüşiň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenleriň guwanç bilen nygtap geçişleri ýaly, bu halkara forum Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň barha ýokary göterilýändiginiň, döwletleriň arasynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygynyň subutnamasy bolup durýar.

Dabarada çykyş edenler BMG-niň ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy wakalaryň birine öwrüljekdigini, onuň dünýä ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Eli tagamly çeper gyzlar
22.03.2024   466
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
19.09.2024   396
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   375
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   324
Jemgyýet Tebigata söýgi — Watana buýsanç
23.07.2024   397
Jemgyýet Döwrebaplygyň we gözelligiň nusgasy
16.06.2025   202
Jemgyýet Röwşen geljege aýdyň ýol
19.08.2024   354
image