Watan mukaddesligi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Watan mukaddesligi

Jemgyýet
10.02.2026  157

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ata Watanyndan, ene topragyndan eziz, şolardan gymmatly mukaddeslik ýokdur. Göbek ganymyzyň daman topragyny, onuň howasyny, ot-çöpüni, dagyny-düzüni, umuman, ata Watanymyzyň ähli mukaddesliklerini söýmek, olary gözümiziň göreji deý goramak biziň mukaddes borjumyzdyr. Sebäbi her bir ynsanyň dogduk Diýary — Watany onuň ömrüniň manysydyr, dowamatydyr.

Eşit adam dogan ilden,

Gaýry mähriban ýurt bolmaz—

diýen beýik akyldaryň «Türkmeniň» diýen waspnamasy Watanymyza, onuň merdana adamlaryna, tebigatyna guwanmaga, buýsanmaga ruhlandyrýar. Bu buýsanç türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, sungatymyza, edebiýatymyza, mahlasy, ähli gymmatlyklarymyza giň ýol açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe egsilmez häsiýete eýe boldy.

Ene topragymyz öz goýnunda biziň her birimize — öz perzentlerine barlyklaryndan, baýlyklaryndan paý bölüp berýär. Watan perzentlerinde öz geljegini görýär. Ynsan terbiýesiniň esasyny onuň perzentlik haky, borçlary, parzlary — Watana gulluk etmek, onuň beren duzuny haklamak, topragynyň her bir daban ýeriniň gymmatyny duýup, jandan söýmek tutýar. Çünki Watan söýgüsi — iň belent we mukaddes söýgi. Ynsanda şondan beýik inçe we mukaddes duýgy ýokdur.

«Towşana dogduk depe» diýýän pederlerimiziň bu aýtgysy Mollanepesiň «Aňsa» atly şygrynda öz beýanyny tapýar.

Jereniň balasyn baksaň-bejerseň,

Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,

Höregne gül berip, bir güni görseň,

Watandan el götär, çöl sesin aňsa.

Rowaýata görä, bir patyşa nökerleri bilen aw-şikara çykýar. Şonda olaryň ýoly gury agajyň üstünde täsin owaz bilen saýrap oturan guşjagazyň üstünden barýar. Patyşa onuň owazyna melul bolup, derhal ony tutup, öz gülzarlygyna goýbermegi emir edýär. Onuň emrini dessine berjaý edýärler. Emma guşjagaz öňküsi ýaly saýramaýar. Birnäçe gün geçse-de, ol asla saýramaýar. Guşjagazdan tamasy çykmadyk patyşa ony goýbermegi buýurýar we onuň nirä gidýänini yzarlamagy tabşyrýar. Guşjagaz şol öňki ýerinde — gury agajyň üstünde öňküden-de ajap saýramaga başlapdyr. Nökerler gören ahwalyny patyşa aýdyp beripdirler. Şonda patyşa:

«Öz Watanymyň gury agajyna gurban» diýen pederlerimiziň aýdany çyn eken» diýipdir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýar durmuş - ömre dowamat
29.07.2026   81
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   451
Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1197
Jemgyýet Bagtyýarlyk mesgeninde şüweleň
18.06.2026   117
Jemgyýet Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda
11.09.2024   487
Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   353
image