Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly beýik ösüşler bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň polat galkany hasaplanýan merdana Watan goragçylary ýurduň goragynda durmagyň diňe bir borç däl, eýsem belent mertebedigine çuňňur düşünýärler. Şonuň üçin olaryň her bir güni jogapkärçilik, yhlas we halkymyza bolan söýgi bilen başlanýar.
Watan goragçylary ýokary aň, sagdyn ruh, wepalylyk hem gaýratlylyk, dürli görnüşli ýaraglara, kämil harby tehnikalara başarjaňlyk bilen erk etmek bilen, ýurdumyzyň çäk bitewüligini gorap saklaýarlar. Harby gullukçylaryň durmuşynda tertip-düzgün we jebislik aýratyn orun eýeleýär. Goşundaky dostluk, birek-birege ynam we umumy maksat üçin göreşmek duýgusy olaryň Watan öňündäki mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmeklerine ruhy güýç berýär. Bu diňe bir harby üstünlikleriň kepili bolman, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda olaryň agzybirligi saklamaklaryna esas döredýär. Merdana halkymyz Watan goragçylaryna guwanýar, çünki olar ýurdumyzyň asudalygyny, parahatlygyny gorap saklamaga hyzmat edýän mert ogullardyr.
Hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiliginiň, ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýan Harby doktrina ýurdumyzyň howpsuzlyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň harby doktrinasy goranmak häsiýetlidir. Ol milli Ýaragly Güýçleri eziz Watanyň goragyna taýýarlamaga, halkyň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň harby doktrinasy deňhukukly, ikitaraplaýyn, döwletara bähbitli gatnaşyklara esaslanýar. Türkmenistan döwletimiz dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär, uruşlara, harby dawalara goşulmakdan daşda durýar. Ýurdumyzyň bitaraplyk taglymaty halkara jedellerini parahatçylykly kadalaşdyrmak, döwletleriň çäkleriniň bütewüligine hormat goýmak ýörelgelerine eýerýär.
Baýramyňyz gutly bolsun, edermen Watan goragçylary!