Watan gerçeklerine sarpa
weather dashoguz 1° C Daşoguz

Watan gerçeklerine sarpa

Syýasat
09.05.2024  128

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi.

Şanly sene Daşoguz welaýatynda hem giňden dabaralandyryldy. Ýeňiş güni säher bilen adamlaryň uly topary baýramçylyk dabaralaryna ýygnandylar. Dabaralaryň başy asylly däbe eýerilip, köpçülikleýin ýöriş bilen başlandy. Welaýat merkeziniň akyldar şahyryň hormatyna  döredilen meýdançasyndan badalga alan ýöriş «Baky alaw» ýadygärligine çenli dowam etdi. Ýörişe gatnaşýanlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar bar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar şäheriň oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz, gyralaryna owadan güller hem daragtlar jäheklenen päkize köçeleriniň ugry bilen ýoly dowam etdirip, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda guralan baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra olar milli gahrymanlarynyň hormat-hatyrasyny belent tutup, «Baky alaw» ýadygärligine geldiler. Adamzadyň parahatçylyk söýüjilik garaýyşlaryny rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi dabaralandyrýan, bagtyýar nesillerde pederleriniň edermenlik mekdebine hormaty artdyrýan baýram hökmünde aýratyn dabaralar bilen bellenilýän Ýeňiş gününiň gymmaty ildeşlerimiziň her birinde ruhubelentligi artdyrdy. Olar «Keçpelek» mukamynyň astynda «Baky alawyň» töweregine gül çemenlerini goýdular, merdanalygyň hem Watana wepalylygyň nusgasyna öwrülen gerçeklerimizi baş egip hatyraladylar. Bu buýsançly hakykat halkymyzyň aňyrdan gelýän asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny ýene bir ýola aýan etdi.

image