WATAN GERÇEGI SARPALANDY
weather dashoguz -2° C Daşoguz

WATAN GERÇEGI SARPALANDY

Jemgyýet
09.05.2025  184

Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezip, sag-aman öz iline dolanyp, prokuratura edarasynyň düzüminde uzak ýyllar zähmet çeken, häzirki wagtda asyr ýaşy arka atyp, gowy günleriň hözirini görýän uruş weterany Köşek Soltanmyradow Daşoguz welaýatynda ildeşlerimiz üçin nusgalyk mekdep hasaplanýar. Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy Köşek aga meýletin arzasy bilen 18 ýaşynda söweş meýdanyna gidip, aňtaw rotasynda gulluk edýär, köp sanly şäherleri duşmandan azat etmekde jany-teni bilen söweşýär. Uruş tamamlanyp, ýeňiş gazanylandan soň, birnäçe ýyllaryň dowamynda dikeldiş işlerine gatnaşýar. Öz iline sag-aman dolanyp gelen esger ýigit hukuk ugrundan ýokary bilim alyp, milli kanunçylygyň talaplarynyň berk berjaý edilmegini gazanmakda işjeň zähmet çekýär.

Köşek aganyň 5 ogul, 3 gyz perzentlerinden 15 agtygy, 28 çowlugy bar. Diňe bir Ýeňiş baýramynyň bellenilýän günlerinde däl, eýsem, milli gahrymanyň döwletli ojagynyň gapysy hemişe köp adamly. Çünki täze taryhy döwrüň ösüş-özgertmeli ýyllarynyň her bir pursadyndan uly lezzet alyp ýaşaýan gojanyň nusgalyk mekdebe öwrülen durmuşy hemmeler üçin görelde.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
13.11.2025   62
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
24.01.2025   210
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   244
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   82
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
13.07.2024   325
Jemgyýet Kalplary buýsançly bagtyýar iller
16.09.2025   91
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   327
Jemgyýet Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
05.05.2025   203
image