«Waspy dünýäni jadylan, ykrar türkmen alabaýy!»
weather dashoguz 27° C Daşoguz

«Waspy dünýäni jadylan, ykrar türkmen alabaýy!»

Jemgyýet
17.12.2025  115

Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleriniň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň buýsançly wakasyna öwrüldi. Bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň adamzat medeniýetiniň ösüşinde uly orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda jaýdar bellenip geçilişi ýaly, türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Häzirki wagtda bu hakykaty bütin dünýä ykrar edýär.

11-nji dekabrda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde kabul edilen çözgüt bu hakykatyň bütin dünýäde belent ykrara eýediginden delildir. Halkymyzyň gadymdan gözbaşly, müňlerçe ýyllyk taryha eýe we umumadamzat ähmiýetli medeni mirasyna dahylly gymmatlyklaryň täze taryhy döwürde has-da şöhratlandyrylýandygy, dabarasynyň dag aşýandygy kalbymyza buýsanç bagyşlaýar.

Ata-babalarymyzyň seçgiçilik usuly bilen kämilleşdiren alabaý itleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň biri hem, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegidir. Şeýle hem, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde assosiasiýanyň merkezleriniň gurulmagy alabaý itlerini ýetişdirmek babatda milli ýörelgeleriň we halk seçgiçilik usullarynyň dowamatynyň dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň başlangyjy we ägirt uly tagallalary netijesinde, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşulmagy bu ugurda halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini aýratyn nygtamak zerur. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň bu sanawa goşulmagy bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk, ruhubelentlik döretdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
06.11.2024   381
Jemgyýet Ussatlyk mekdebi
15.04.2024   407
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   296
Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   93
Jemgyýet Bedew batly ösüşler
28.02.2026   80
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly!
12.05.2025   250
Jemgyýet Ýylyň okyjysy
03.01.2025   313
image