Wagyz-nesihat maslahaty
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Wagyz-nesihat maslahaty

Jemgyýet
18.10.2025  179

«Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly şygar bilen, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Gaýrat geňeşligindäki oba medeniýet öýünde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Zenanlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, nika bozulmalaryň öňüni almak, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahata mährem eneler, etrabyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Garaşsyz ýurdumyzda halkyň parahat ýaşaýşyna, maşgala bagtyýarlygyna, sagdyn jemgyýetiň berkarar edilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenip geçildi. Ýaşlaryň arasynda ahlak-edep kadalarynyň doly berjaý edilmeginde, milli däp-dessurlarymyzyň mizemez dowam etdirilmeginde, ýetginjek gyzlaryň okuwa, durmuşa gatnaşygynyň pugtalandyrylmagynda işjeň zenanlaryň, eneleriň öňlerinde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle mazmundaky maslahat Boldumsaz, Akdepe, Ruhubelent etraplarynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde, işjeň ýagdaýda geçirildi.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Göwünleri galkyndyran möhüm waka
28.10.2025   190
Jemgyýet Ýagty geljegiň binýady
03.04.2025   382
Jemgyýet Döwrümiziň sylagly ýaşulusy
11.08.2026   83
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   348
Jemgyýet Köneürgenjim — taryhym hem buýsanjym
14.01.2025   397
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň ýalkymy
10.06.2026   153
image