Wagyz-nesihat maslahaty
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Wagyz-nesihat maslahaty

Jemgyýet
25.11.2024  298

Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň, welaýat Adalat bölüminiň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda birleşmäniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

 «Ýaşlar we kanun» atly şygar bilen geçirilen maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalara buýsanç beýan edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi ugrunda döwlet derejesinde amala aşyrylýan tutumlar barada nygtalyp geçildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Awazada» guralan okuw maslahaty
04.03.2025   285
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   545
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   494
Jemgyýet Milli ýörelgeler — ýaşlara görelde
20.06.2024   414
Jemgyýet Dost-doganlygyň binýady
09.01.2026   90
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   129
Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   46
image