Wagyz-nesihat maslahaty
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Wagyz-nesihat maslahaty

Jemgyýet
24.10.2024  365

Sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, nika bozulmalaryň öňüni almak, ahlak terbiýesini, maşgala mukaddesligini we milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata oba hojalyk we gurluşyk-senagat toplumlaryna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler gatnaşdylar.

«Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» ady bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda döredilýän ähli şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkymyzyň gadymdan dowam edip gelýän milli hem gymmatly ýörelgelerinden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, aňyrdan gelýän halallyk ýörelgelerimize eýermek, her kimiň iş ýerinde döwlet gullukçysynyň özüni alyp baryş kadalaryny hökmany berjaý etmek, ahlak-edep kadalaryna, tebigy gözellige ygrarly bolmak ýaly asylly häsiýetlerimiziň mizemezdigini gazanmak dogrusynda nygtap geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ekologiýa abadançylygy — wajyp ugur
20.05.2026   64
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   393
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   390
Jemgyýet Täsirli geçen okuw maslahaty
24.04.2026   84
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
18.03.2024   500
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   323
image