Wagyz-nesihat maslahaty
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Wagyz-nesihat maslahaty

Jemgyýet
13.07.2024  513

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Daşoguz welaýat prokuraturasy we adalat bölümi bilen bilelikde guramagynda jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetini berkarar etmek babatynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.  Şunda  raýat hukuk gatnaşyklarynyň uly orna eýedigini bellediler. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda alnyp barylýan işleriň bagtyýar ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýändigi bellenildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
19.11.2025   197
Jemgyýet Berk binýat
07.07.2025   304
Jemgyýet Halk bähbitli tutumlar
31.07.2026   122
Jemgyýet Saýlaw işiniň hukuk esasy
26.02.2026   144
Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   240
Jemgyýet Miras
25.02.2025   419
Jemgyýet Täsirli geçen okuw maslahaty
24.04.2026   147
image