Wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti

Jemgyýet
02.06.2026  57

Ýurdumyzda ajaýyp zamanada durmuşa geçirilýän ähli başlangyçlaryň aňyrsynda öňi bilen döwletimiziň raýatlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklarynyň üpjün edilmegini gazanmak baradaky aladalar durandyr. Döwlet Baştutanymyzyň berýän tabşyryklaryny, kabul edýän çözgütlerini halk arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündiriş işlerini geçirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, beýleki ulgamlaryň wekilleri bilen bilelikde hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda prokuratura edaralarynyň işgärleri hem meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýärler.

Şu günler howanyň derejesiniň ýokary galmagy sebäpli, Daşoguz şäheriniň çäklerinde raýatlaryň, esasan hem, kiçi ýaşly çagalaryň akar ýaplara, kanallara, howuzlara suwa düşmäge islegleri artyp başlaýar. Şu ýagdaýlar käbir halatlarda dürli hadysalaryň ýüze çykmagyna hem sebäp bolýar. Şeýle hadysalaryň, dürli päsgelçilikleriň, şonuň bilen bir hatarda, ýangyn döremeginiň, Gün urmagynyň, suw bilen baglanyşykly heläkçilikleriň öňüni almak barada degişli çäreler, wagyz-nesihat, düşündiriş işleri guramaçylykly geçirilýär.

Geçirilýän wagyz-nesihat ýygnaklarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, sport ulgamlarynyň, polisiýanyň ýerli wekiller bölümçesiniň, prokuratura edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparyň agzalary howanyň gyzmagy bilen bagly bolup durýan hadysalar, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmek, esasan hem, çagalary Gün urmasyndan goramak, akar ýaplarda, kanallarda suwa düşenlerinde gözegçilik etmek, gark bolmak ýaly heläkçilikleriň öňüni almak, ýaplaryň boýlaryna «Suwa düşmek gadagan!» diýen ýazgylary goýmaklyk barada dürli delillerdir mysallar getirip, döräp biljek hadysalar, şeýle halatlar ýüze çykan ýagdaýda ilkinji lukmançylyk kömeklerini bermegiň düzgünleri dogrusynda giňişleýin çykyş edýärler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tomus — 2026
17.06.2026   52
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   488
Jemgyýet Waspy dillerde dessan
18.11.2025   133
Jemgyýet Ukyp-başarnygyň bäsleşigi
08.05.2026   78
Jemgyýet Ýalkym saçýar Täze ýylyň arçasy
16.12.2025   154
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere badalga
08.10.2024   389
Jemgyýet Baş baýrama toý sowgady
20.09.2024   448
image