​​​​​​​Wagyz-nesihat duşuşygy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

​​​​​​​Wagyz-nesihat duşuşygy

Jemgyýet
08.07.2026  36

Golaýda TZB-niň Daşoguz welaýat, şäher bölümleriniň, welaýat Baş bilim hem-de Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde guramagynda «Milli mertebäniň belent sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bagtyýar döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň dünýä nusgalyk görüm-göreldesiniň halkymyzy buýsandyrýandygy, türkmen zenanyna mahsus halallyk, päk ahlaklylyk, paýhaslylyk, salykatlylyk, geçirimlilik, sabyr-kanagatlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri, on barmagyndan döreýän nepis işleriniň olaryň ruhy dünýäsini aýdyňlygy bilen açyp görkezýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berlip, olaryň berk bedenli, kämil nesil terbiýeläp ýetişdirmekleri babatda döredilýän mümkinçilikleriň oňyn netijeleri berýändigi barada täsirli söhbet edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   23
Jemgyýet Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady
09.04.2026   86
Jemgyýet Çäksiz hoşallygyň ruhubelentligi
12.08.2025   220
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
02.12.2024   359
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   286
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   312
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
06.10.2025   187
Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   136
image