Wagyz-nesihat çäresi
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Wagyz-nesihat çäresi

Jemgyýet
16.07.2026  60

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň metbugat wagyz-nesihat toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýat boýunça müdirliginiň, Daşoguz welaýat Baş bilim we Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda «Bilim edaralarynda tertip-düzgüni berjaý etmek, sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündemek» ady bilen Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak dogrusynda durmuşy mysallar esasynda gürrüň edildi. Çykyş edenler ýaşlaryň saglygyny goramagyň, olarda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemegiň her bir ynsanyň mukaddes borjudygyny nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   411
Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   378
Jemgyýet Gülüň owadan!
26.06.2025   318
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
01.10.2025   166
Jemgyýet Lukman zenanlar sylaglandylar
07.03.2024   462
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   105
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
07.08.2025   247
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   292
image