Wagyz-nesihat çäresi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Wagyz-nesihat çäresi

Jemgyýet
08.08.2025  188

TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň we Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda eneligi we çagalygy goramakda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady bilen, «Bagtyýar eneler, bagtly çagalar — Watanyň buýsanjy» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata mährem eneler, zenanlar guramasynyň we jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda eneleriň saglygyny goramak, berkitmek we ýaş nesilleriň berk bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýurdumyzda 2021-2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hem-de ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasy boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dili senaly goja
26.08.2024   449
Jemgyýet Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
14.10.2024   390
Jemgyýet Beýik halkyň taryhy hem beýikdir
06.12.2024   362
Jemgyýet Döwre buýsanjyň beýany
22.01.2026   122
Jemgyýet Ynsanperwerlige çagyrýan goşgular
02.04.2024   424
image