Wagyz-nesihat çäresi
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Wagyz-nesihat çäresi

Jemgyýet
10.07.2025  392

TZB-niň, TGÝMJ-niň Daşoguz  welaýat bölümleriniň hem-de Daşoguz welaýat inçekesel hassahanasynyň bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we inçekeseliň öňüni almak boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde geçirilen çärä bilim işgärleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler halkymyzyň saglygyny goramak, berkitmek, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygy, şeýle hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan gaýragoýulmasyz işler dogrusynda nygtap geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hoş habaryň ýakymy
02.01.2025   412
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
29.04.2026   131
Jemgyýet Sungatyň ýaş zehinleri
05.03.2026   160
Jemgyýet Bagtyýar nesilleriň dilleriniň senasy
09.12.2025   197
Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   237
Jemgyýet Köňülleriň çyragy sen, Pyragy!
10.04.2024   445
image