Wagyz-nesihat çäresi
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Wagyz-nesihat çäresi

Jemgyýet
23.01.2025  383

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň meýilnamasyna laýyklykda, sagdyn durmuş ýörelgesini, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maşgala gymmatlyklaryny hem-de bular bilen baglanyşykly milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen, şu günler welaýatyň etrapdyr şäherlerinde «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat çäreleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäreleri TZB-niň etrap bölümleriniň guramagynda Köneürgenç etrap pagta egriji fabriginde we Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Medeniýet merkezinde hem geçirildi. Olara etraplardaky dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de mährem eneler gatnaşdylar. Olarda ene-mamalarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülen maşgala we ahlak gymmatlyklary hakynda täsirli söhbet edildi. Guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen wagyz-nesihat çärelerinde öý-ojak mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, el işlerimiz, edim-gylymlarymyz, ahlaklylyk, päkizelik baradaky tymsallaryň, rowaýatlaryň, dana sözleriň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gürrüňdeşlik geçirildi. Wagyz-nesihat çäreleriniň dowamyndaky gyzykly söhbetdeşlikler oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sport
27.05.2026   127
Jemgyýet Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary
30.07.2024   498
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
07.03.2024   1283
Jemgyýet Ak öýleriň bezegi
18.02.2025   386
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   481
Jemgyýet Kitap seniň dostuňdyr
06.11.2025   226
Jemgyýet Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
07.06.2024   447
image