Wagtlaryny hoş geçirýärler
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Wagtlaryny hoş geçirýärler

Jemgyýet
10.06.2024  108

Şu günler güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alşy ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini hem bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuny, gülki sesleri gurşap aldy. Bu merkezde üç tapgyrda — her tapgyrda 300, jemi 900 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda bolsa merkezde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry dowam edýär. Ähli amatlyklary bolan merkezde dynç alýan çagalaryň şatlyk-şagalaňy bu ýerde guralýan dabaralaryň baý many-mazmuny bilen utgaşyp, göwünleri galkynan körpeleriň durmuşyna röwşenlik çaýýar. Merkezde kitaphanadyr muzeý, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Bagtdan paýly balalar merkezde öz wagtlaryny diýseň gyzykly we many-mazmunly geçirýärler.

Çagalaryň arzyly tomusky dynç alyş günleri olara ajaýyp pursatlary, ruhubelent duýgulary bagyş edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
21.06.2024   143
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   94
Jemgyýet Bilim işgärleriniň awgust maslahaty
23.08.2024   122
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   114
Jemgyýet Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi
30.09.2024   89
Jemgyýet Röwşen geljege aýdyň ýol
19.08.2024   114
image