Uzak ýaş — bagtly durmuş
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Uzak ýaş — bagtly durmuş

Jemgyýet
15.01.2025  25

Hormata mynasyp goja

Ynsan ömrüniň manysy Watan, il-ýurt üçin bitirilen beýik işler bilen ölçenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Watana bolan söýgi iň beýik söýgüdir. Watana söýgini ömrüň hemrasyna öwrüp ýaşamak bolsa ynsan üçin iň belent mertebedir. Kalbynda Watana bolan söýgisi püre-pür bagtyýar ildeşlerimiziň biri-de Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany  Köşek Soltanmyradowdyr.

Manyly ömrüňi Watana wepaly gulluk etmäge bagyşlap, bu günki galkynyşly döwrümiziň hözirini görüp ýaşamak ynsan üçin iň uly bagt bolsa gerek. 100 ýaşy arka atan Köşek aganyň döwletli ojagy bu gün uly toýa beslendi. Döwletli maşgalanyň agzalary — çagalary, agtyklary, çowluklary perişdesypat gojanyň daşyna jemlendiler. Köşek Soltanmyradowyň 100 ýaşynyň dolmagy mynasybetli welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bagtyýar gojany gutlamaga geldiler.

Dabarada Köşek aganyň manyly ömrüniň Watany goramak, il-ýurda hyzmat etmek ýaly asylly işler bilen aýrylmaz baglydygy bellenildi. Gazaply urşuň kynçylykly ýyllarynda watansöýüjiligiň, edermenligiň belent nusgasyny görkezen Köşek aga galkynyşly döwrümiziň eşretli günleriniň hözirini görmegiň uly mertebedigini aýdýar.

— Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her bir adam bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekany. Watanyň, halkyň gadyry bilinýän beýik döwletimiz bar. Şeýle eşretleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! — diýip, Köşek aga ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   165
Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   60
Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   29
Jemgyýet Dabaraly maslahat
02.10.2024   73
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   99
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   106
image