Uzak ýaş — bagt peşgeşi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Uzak ýaş — bagt peşgeşi

Jemgyýet
02.04.2026  121

Ýaşuly adamlar bilen az salymlyk söhbet edeniňde hem durmuşda o diýen üns bermeýän zatlaryňa, tebigatyň ynsana eçilen barlyklarynyň gadyr-gymmatyna göz ýetirýärsiň. Galkynyşly döwrümizde oba-kendini, agtyk-çowluklaryny pähim-parasady bilen dogry ýola gönükdirýän ýaşuly nesliň wekilleri tüýs Hakyň hem, halkyň hem halaýan adamlary. Şeýle uzak ýaşly eneleriň biri Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Şazada Mätýakubowadyr. Ýakynda Şazada ene ömrüniň 105-nji baharyny garşy aldy.

Arzyly törüň eýesi Şazada ene özüniň ömür ýoly barada şeýle bir gyzyklandyryp gürrüň berýär welin, ony diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Şazada enäniň 4 perzendinden 9 agtygy, 25 çowlugy bar. Bagtyýar enäniň çowluklaryndan ýuwluk görmek baradaky ýagşy dilegleri onuň ýüz-keşbine aýratyn ýakym, mähribanlyk çaýýar. Mährem enäniň töweregine düzülip oturan agtykdyr çowluklary giden obany ýada salýar. Olar Şazada enäniň daşynda kökenek gerýärler.

— Şeýle bagtly günleri görmek nesibämiň bardygy üçin özümi bagtly saýýaryn. Öz ýaşlygym kyn döwre gabat gelensoň, neberelerimiň şu döwürde kemala gelýändigine diýseň buýsanýaryn. Watanymyzyň ösüşleri barada agtyk-çowluklarymdan eşidýärin. Ähli zat bol, elýeter. Ýurdumyz asuda, abadan. Munuň üçin Arkadag ogluma-da, Arkadagly Serdar ogluma-da alkyşlarym çäksiz. Ýagşy günlerde, saglyk bilen uzak ömür sürmek hemmelere nesip etsin!

Biz hem mährem enä ýene-de uzak ýyllar ömür sürüp, görelde mekdebi bolup ýaşamagyny arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zehini zyýada nesiller
20.02.2025   387
Jemgyýet «Ekologik medeniýet» atly festiwal
11.11.2024   386
Jemgyýet Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp
13.11.2025   180
Jemgyýet Rowaç menzilleriň beýany
19.06.2026   99
Jemgyýet Belent hormatyň buýsanjy
02.11.2024   394
Jemgyýet Milli gymmatlyklarymyza sarpa
30.06.2026   96
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
02.09.2025   239
image