Usuly-amaly okuw
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Usuly-amaly okuw

Jemgyýet
13.01.2026  87

Golaýda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, umumybilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda kitaphana işi boýunça usuly-amaly okuw geçirildi.

Onda çykyş edenler ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek, mekdep okuwçylarynyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, çagalarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek maksady bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde elektron kitaphana ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça taýýarlanylan «E-kitaphana» programma üpjünçiligini ornaşdyrmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   341
Jemgyýet Düýe çaly melhemdir
02.10.2025   135
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   134
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
07.04.2026   33
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
02.09.2025   164
image