Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi. Munuň özi ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim almagyny hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. Bu konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary internet toruna birikdirilip, olar doly esasda işledilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýörite taýýarlan «e-Mekdep» ulgamy işe girizilip, häzirki wagtda bilim edaralarynda okuwçylaryň ýetişigine, bilim derejesine elektron žurnallar arkaly gözegçilik edilmegine ýardam edýär. Bu bolsa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň talaplarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpa okuwa barýan körpe nesillere her ýyl «Bilimli» atly şahsy kompýuterleriň gowşurylýandygy örän uly ähmiýete eýedir. Ösüp barýan ýaş nesiller kompýuterleriň üsti bilen sanly ulgam baradaky ilkinji düşünjäni alýarlar. Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden ýaşlaryň netijeli peýdalanýandygyny olaryň bu ugurdaky bäsleşiklerde, olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaş nesliň sanly ulgamdan oňat baş çykarmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi okuwçylaryň sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara internet bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna ýardam edýär.