Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly uly üstünlikler bilen taryha ýazylýar. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy geljekki ösüşler üçin berk binýat bolup durýar. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan işler şöhratly geçmişe daýanyp, röwşen geljegi gurmagyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. Üstünlikli tamamlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitirilen giň gerimli işler hem muny aýdyň tassyklaýar.
Halk arasynda täze ýyl nähili wakalar bilen başlansa, şonuň ýaly-da dowam edýär diýen düşünje bar. Biziň berkarar, asuda Watanymyzda bolsa her bir ýyl il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ajaýyp wakalar bilen badalga alýar. Şeýdibem, ýyllarymyz beýik taryhy wakalar bilen şöhratlanýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň gazanan ýeňşi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň başlangyjy boldy.
Hakykatdan-da, uly üstünliklere beslenip Garaşsyzlygymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan geçen ýylymyz öz adyna eýe boldy. Çünki bu ýyl ýurdumyzyň Ýer ýüzünde parahat durmuşy üpjün etmek bilen bagly ýörelgeleriniň dabaralandyrýan wakalarynyň köp sanlysyny öz içine aldy. Garaşsyz Türkmenistanyň agzybirliginiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş etmegi hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerindäki giň mümkinçiliklerdir. Şeýle ynsanperwer ýörelgeler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary geçen ýylda hem üstünlikli dowam etdirildi.
Bitarap Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tutuş dowamynda dünýä ähmiýetli we umumadamzat bähbitli gepleşikler meýdançasy bolup hyzmat edýän halkara forumlaryň we sammitleriň birnäçesine işjeň gatnaşdy. «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti, «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammiti, Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti, «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammiti, «Merkezi Aziýa – Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumy, Merkezi Aziýa – Ýaponiýa dialogynyň birinji sammiti bu aýdylanlara doly güwä geçýär. Bu günki gün Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejelere çykmagy we onuň düzümindäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylymyzda bu resminamalaryň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyran wakalaryň üstüni ýetirdi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler dünýä halklary bilen parahatçylykly ýaşaýşyň hatyrasyna edilýän işlerdir. Olar asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiz, pikir ýörediş aýratynlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Biz ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilýän bu döwletli tutumlaryň Täze – 2026-njy ýylda hem mynasyp dowam etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.