Üstünlik yhlasa bagly
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Üstünlik yhlasa bagly

Ykdysadyýet
10.10.2025  124

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak ugrundaky çäreler giň gerimde amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde şu günler kärendeçi daýhanlaryň, olaryň kömekçileriniň ýadawsyz zähmeti bilen kabul ediş bölümlerine ugradylýan «ak altynyň» möçberi barha artyp, harmanlaryň beýgelmegi üpjün edilýär. Munuň özi ezber pagtaçylarymyzyň öňde goýlan belent sepgitlere tarap ynamly gadam urýandyklaryny aýdyň görkezýär.

Şu ýyl Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, daýhan birleşiklerinde, etraplarda gazanylýan öňegidişliklere mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer kärendeçileriň barha köpelýändigi örän guwandyryjydyr. Olardan Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksat Meredow 12 gektar meýdandan 25,  şu etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Garýagdy Hojamedow 3,1 gektardan 9,9, Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri Akmyrat Ataýew 2 gektardan 5, Aýgözel Hojaýewa 1 gektar ýerden 2,6, Mamagül Kakajanowa şonça meýdandan 2,5, Görogly etrabynyň «Berkarar» daýhan birleşiginiň kärendeçileri Jeren Haýydowa 1 gektardan 4,7, Saparbaý Eminow şonça ýerden 2,9, Akmeňli Gullaýewa 1 gektar ýerden 2,7 tonna «ak altyn» ýygnap, köplere görelde boldular. Bu guwandyryjy netijeler kärendeçileriň «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmekde ýylyň başyndan bäri yhlasly zähmet çekendikleriniň alamatydyr.

Welaýatyň gowaça meýdanlarynda entek hasyl köp. Ony gysga wagtyň dowamynda yrýasyz ýygnap, harmana goşmak esasy wezipe bolup durýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri hem pagtaçylaryň «armasyny» ýetirmek boýunça möhüm işleri alyp barýarlar. Bu bolsa daýhanlary uly üstünliklere ruhlandyrýar.

 

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
18.07.2024   267
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   254
Ykdysadyýet Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
18.10.2025   122
Ykdysadyýet Täze tehnikalar gelip gowuşdy
09.08.2024   332
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   243
Ykdysadyýet Ak bugdaýyň bol hasyly
04.07.2024   306
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary ösdürilýär
29.05.2025   154
image