Ussatlyk mekdebi
weather dashoguz 14° C Daşoguz

Ussatlyk mekdebi

Jemgyýet
15.04.2024  39

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasydyr. Arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumynyň has-da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde Milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas Aba Annaýewiň uly goşandy bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda bellenilişi ýaly, Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigi mälimdir.

Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Aba Annaýewiň ady 1916-njy ýyldan bäri Zakaspi oblastynyň Aşgabat uýezdiniň atçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynyň düzüminde görkezilip gelinýär. Şol resminamalarda onuň gara reňkli, üçýaşar, maňlaýy sakar meşhur bedewiniň bolandygyny okamak bolýar». Aba Annaýewiň bedew ata ideg etmek barada beren gymmatly maslahatlary biziň günlerimizde-de seýisçilik sungatynda ulanylýar. Olaryň käbirleri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda getirilip, şeýle diýilýär: «Aba: «Bedewe «haýwan», «mal» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi». «Döwlet guşy» romanynda Aba aganyň bedewleriň derdini anyklaýşy, ata ideg edilende mahal-mahal onuň gözlerine seredip, içki dünýäsine aralaşyp durmak barada beren maslahaty şeýle ýatlanylýar: «...sen atyň aram-aram ullakan garamyk gözlerine bir seret, ahyryn. Gözlerinde ähli derdini aýdýar-a, ol».

Ussat seýis Aba Annaýewiň bedew ata bolan yhlasy we söýgüsi oňa ynsanlaryň bedewe bolan garaýşyny gözünden aňmaga mümkinçilik beripdir. Aba aganyň inisi Berdimuhamediň bedew ata üýtgeşik mähir we söýgi bilen garaýandygyny, onuň bedewleri göreninde gözlerinde döreýän uçgunlary görendigi, şonuň üçin-de, inisine at çapmagyň tilsimlerini öwredendigi dogrusynda «Älem içre at gezer» romanynda şeýle ýazylýar: «Towsaklap duran bedew atlary görende inisiniň gözleriniň ýanyp başlaýandygyny, olara nähili söýgi bilen garaýandygyny bilip, onuň basym-basymdan athana gelip durmagyny isleýärdi. Ol inisine iň gowy çapuw atlaryň biri bolan Tuwlugy-da sowgat edipdi. Oňa özi seredip berýärdi, seýisleýärdi. Aram-aram onuň aty aýlawda ozup, baýrak alaýdygy, obadaşlary Berdimuhamedi gutlaýardylar. Ol bolsa minnetdarlyk bilen agasyny ýatlaýardy...».

Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa maşgalada edil çaga sereden ýaly seredilendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi «Döwlet guşy» romanynda çeper beýan edilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde-de atynyň aladasyny edip, ony obadaşy, eseriň gahrymany Berkeli aga berip gidişi, şol pursatda onuň aty Dagarman bilen hoşlaşygy şeýle beýan edilýär: «Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Dagarman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy». Soňra bolsa «Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy» diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini beýan edýär.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri nazarlaýan döwründe ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende galdy. Behişdi bedewlerimiz baradaky aladanyň dünýä derejesine çykarylan ajaýyp döwrümizde bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyzyň bu döwletli-döwrana buýsanjy çäksizdir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   10
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy — döwrüň talaby
09.04.2024   54
Jemgyýet Maşgala mukaddesligi wagyz edildi
15.08.2024   17
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   35
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   27
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
23.03.2024   80
Jemgyýet Alma
01.04.2024   30
Jemgyýet Derde melhem şypahana
02.08.2024   17
image