Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi

Jemgyýet
25.07.2025  268

Golaýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşantlaryny goşýan, çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Esasy maksady, öýlerimiziň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekden, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakdan ybarat bolan bäsleşige gatnaşyjylar ýörite tassyklanylan düzgünnama laýyklykda, üç şert boýunça çykyş etdiler. Emin agzalary tarapyndan her toparyň ukyp-başarnyklaryna, ussatlyklaryna adalatly baha berildi. Bäsleşige ähli welaýatlardan we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden jemi 14 zenan gatnaşdy.

Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşikde ildeşlerimiz, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy Ýazbibi Mämmedowa bilen Daşoguz şäheriniň 30-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Sülgünjemal Potyýewa dagy bilelikde gatnaşyp, baş baýraga mynasyp boldular.

Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň, şeýle-de, folklor tans toparynyň çykyşlaryna orun berildi. Bäsleşige gatnaşyjylar  ony guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.03.2026   124
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.04.2026   117
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   358
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
05.08.2026   70
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   329
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   173
image