Türkmen milli sungatynda külalçylyk senedi uly orna eýe bolup, ol halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ol ençeme müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Italiýanyň Faensi şäherinde geçirilen halkara farfor we faýans işleriniň bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň häzirki zaman türkmen külalçylyk sungatyny has-da ösdürmekde, kämilleşdirmekde bitirýän işleri diýseň uludyr. Onuň döredijiligi köpugurly bolup, külalçylykdan başga-da, nakgaşçylyk, grafika, dizaýn bilen hem meşgullanýar. Dursunsolmaz Muhammedowa her bir döreden eserinde durmuşyň hakyky wakalaryny bezeg usullary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, özboluşly, gaýtalanmajak sungat döredýär. Ussadyň eserleri türkmen halkynyň baý ruhy medeniýetini, halkyna bolan uly söýgüsini özünde jemleýär. Onuň päkligiň, mähremligiň, gözelligiň, wepadarlygyň nyşany bolan, farfordan we toýundan ýasalan «Gelinler» (1982), «Gyzlar» (2007), «Bahar» (2007), «Kürteli gelinler» (2008) ýaly eserleri şekil we mazmun taýdan sazlaşygy, bitewüligi, çuňňurlygy bilen tapawutlanýar. «Gözellik» (2005), «Gunça» (2010), «Galkynyş» (2007) eserleri aýratyn bellenilmäge mynasyp. Türkmen tebigatynyň gözelligini, özboluşly aýratynlyklaryny inçelik bilen duýup, her bir jandaryň ýürek urgusyny, her bir ösümligiň mymyjak ýele öwsüp durşuny dürli çyzyklaryň, reňk öwüşginleriniň sazlaşygy esasynda suratlandyryp bilmegi halypanyň «Garagum» (2008), «Çöl şemaly» (2010), «Pasyllar» (2010), «Ýaz gijesi» (2011), «Älemgoşar» (2011), «Jeýhun» (2012) ýaly işlerinde ussatlygyny açyp görkezýär.Türkmenistandaky gadymy taryhy ýadygärlikler bilen içgin gyzyklanýandygyny, olary çuňňur bilýändigini keramikaçynyň «Gyzgala» (2009), «Törebeg hanym» (2010), «Tekeş» (2011) eserlerinde haşamly küýzeleriň taslama çözgüdiniň aýdyňlygynda duýmak bolýar. «Gadymy gala» (2011) eserinde bolsa türkmen halkynyň buýsanjy bolan bedewleriň şekilleri gaplaryň ýüzüne ussatlyk bilen çekilipdir.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminde nakgaş, heýkel eserleri bilen bir hatarda, keramika önümleri hem bar. Ekspozisiýada Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň «Çyrpyly gelin», «Köneürgenç», «Gelin», «Tüňçe» ýaly eserleri ýerleşdirilendir. Onuň eserlerinde milli lybasly zenanlar halkyň mertebesiniň, edermenliginiň ýüzi hökmünde wasp edilýär.
«Köneürgenç» atly keramiki eserde türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, gadymy Köneürgenjiň taryhy, ahalteke bedewimiziň şekili we tebigy gözelliklerimiz beýan edilýär. Eseriň bokurdagy minara şekilinde ýerine ýetirilip, göwresinde milli amaly-haşam sungatynyň keşde nagyşlary siňdirilipdir. Dürli reňklerde ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bu eserde milliligimize we Diýarymyzyň gözel tebigatyna söýgi aýdyň duýulýar. Suratkeşiň kämilligi diňe bir kiçi göwrümli heýkeltaraşlyk eserlerinde, haşamly küýzelerde, çaý serwizlerinde ýüze çykman, eýsem, Türkmenistanda gurlan binalaryň içki bezeglerinde ulanylan uly göwrümli işlerinde hem öz beýanyny tapýar. Ussat keramikaçynyň eserleri diňe bir muzeýleri we hususy ýygyndylary däl, eýsem, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen mekdep internatynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň interýerlerini hem bezeýär.