Umyt uçgunlary
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Umyt uçgunlary

Jemgyýet
09.05.2025  339

Üçburç hatlar. Olar Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda millionlarça adamyň ykbalyny özünde jemlän namalar. Üçburç hatlar esger ýigitleriň hem-de olaryň hossarlarynyň, ýakynlarynyň arasyndaky umyt-arzuw sapagy, ykbal şapagy. Köp sanly ynsanyň durmuşynda dürli habarlaryň beýany. Kimlerden ýeňiş bilen tizara dolanmak baradaky arzuwlar, ýene kimseden duşmany sürenine gabandyklary, köplerden dürli şäherleri duşmanlardan azat edendikleri baradaky hoş habarlar, köpüsinde bolsa, söweş meýdanynda diri ýitendigi, wepat bolandygy baradaky ajy hakykat beýan edilen üçburç hatlaryň şol döwürler gymmaty örän uly bolupdyr. Ol hatlar köp ojaga umyt uçgunyny bagyşlapdyr, köpleriň bagryny daglapdyr. Her nähili bolanda-da, adamlar beýik Ýeňşe uly umyt bilen garaşypdyrlar, ajy habarlara, kynçylyklara ýan bermändirler.

Merdana halkymyz hemişe ata Watany jandan eziz görüp, onuň her daban ýerini gözüniň göreji deýin gorapdyr. Şeýle bolansoň, üçburç hatlardaky beýan edilen habarlar nähili bolanynda-da, olaryň geljege bolan ýagşy umydyna täsir etmändir. Garabagyr eneler, baýdak boýly gelinler ajy hakykaty diňe içine salyp çekmäge synanyşypdyrlar, hasratyny zähmet bilen ýeňmäge çalşypdyrlar. Bu hem halkymyzyň merdi-merdanalygyny, il-gün bilen bir jan, bir tendigini, Watan üçin şirin janyny orta goýýandygyny, ýagty geljege beýik umyt bilen ýaşandygyny açyp görkezýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýäniň nazaryndaky taglymat
17.11.2025   196
Jemgyýet Ak bugdaýyň Watany
03.02.2025   657
Jemgyýet Eli tagamly çeper gyzlar
22.03.2024   560
Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   363
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   469
Jemgyýet Kitap seniň dostuňdyr
06.11.2025   223
Jemgyýet Gadamlaryň batly bolsun, «Galkynyş!»
19.03.2026   162
image