Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we irki döwründe anyklap, döwrebap bejermek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak bolup durýar.
Maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ýurdumyzyň dürli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bir hatarda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu maksatnamanyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenilip taýýarlanylan we 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy eziz Watanymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, ilatyň saglygyny berkitmek boýunça esasy ugurlary hem-de gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň ýolunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şonuň netijesinde bu pudagyň esasy ugurlaryny hem-de wezipelerini kadalaşdyryjy «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda», «Radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky», «Agyz suwy hakynda», «Dermanlyk işi we derman üpjünçiligi hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda»Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki ençeme möhüm resminamalar kabul edildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda geçirilen ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda birnäçe keselleriň öňi alyndy. Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri bilen, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmeti hem-de dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada işjeň hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler ösdürildi. Geçirilen bu işler ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň derejesiniň peselmegine, ynsan durmuşy üçin howply ýokançly keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi. Döwrebap usullar bilen geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri bolsa jemgyýetimizde saglyk barada täze düşünjeleri kemala getirdi. «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen şygar bilen umumymilli derejede köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda täze enjamlar bilen üpjün edilen hem-de ilata häzirki zaman hyzmatlaryny edýän saglygy goraýyş merkezleri, şeýle hem dürli sport desgalary — halkara ülňülerine gabat gelýän stadionlar, aýlawlar guruldy hem-de häzir hem gurluşygy dowam etdirilýär.
Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýan döwrebap hassahanalaryň Daşoguz welaýatynda hem onlarçasy, ýagny «Ene mähri», Saglygy goraýyş anyklaýyş, Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary, şeýle hem döwrebap oba saglyk öýleri we merkezleri hereket edýär.
2022-nji ýylyň 27-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde Daşoguz şäherinde açylyp ulanmaga berlen 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil lukmançylyk enjamlary we serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Bu döwrebap hassahanalarda işlejek hünärmenleriň Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy klinikalarynda hünär kämilligini geçmekleri welaýatyň ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny almaga giň mümkinçilik döretdi.
Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolnandan soňra, çagalara keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň bellenilen tertipnama laýyklykda geçirilmeginiň netijesinde howply ýokanç keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edildi. Muny ýurdumyza gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar tassyklaýar.