Ulgam ösüş ýolunda
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Ulgam ösüş ýolunda

Jemgyýet
06.11.2024  365

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalara erk edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Türkmen ylmyny we bilimini belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan sanly ulgamda tejribäni artdyrmak maksady bilen öz hünärmenlerini daşary ýurtlara iberýär hem-de ýurdumyza dürli ugurlardan daşary ýurtly hünärmenleri çagyrýar.

Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda okatmagyň öňdebaryjy, täze usullary giňden ornaşdyrylýar. Interaktiw, multimedia tagtalarynyň ulanylmagy sapak geçmek işini ýeňilleşdirmäge, alnan bilimleriň has çuňlaşdyrylyp özleşdirilmegine, öwrenilýän temanyň many-mazmunyna has çuň düşünilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýan dünýä tejribesi mugallym üçinem, ýaş nesil üçinem bahasyz gymmatlykdyr, täzelikdir. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ojaklarynda alnyp barylýan işleriň hilini gowulandyrmaga, ösüşiň täze belentliklerine çykmaga mümkinçilik döredýär. Ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwri döredijilikli pikirlenýän, döwrebap maglumat kommunikasion tehnologiýalardan baş çykarýan, öz ene dilini oňat bilýän, daşary ýurt dillerinden habarly, ökde nesilleriň terbiýelenmegini talap edýär. Her bir döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşinde ileri tutulýan möhüm wezipeleri çözmekde milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýeti uludyr. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, ylmy-tehniki ilerlemäniň ösüş derejesine laýyk bilim ulgamy okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda tölegli okuwlaryň girizilmegi ilatyň ýaşaýyş we tölege ukyplylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň esasyny düzýär. Şeýlelikde, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolmaga mümkinçilikler döredilýär.

Halkyň medeni hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we onuň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýän döwrebap bilim özgertmeleri Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny barha ýokarlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwletli ýörelgelere badalga
06.09.2025   162
Jemgyýet Salamlaşmak edebi
21.01.2026   82
Jemgyýet Üstünliklere beslenýän ulgam
07.10.2025   110
Jemgyýet Bitaraplygyň  röwşen gadamlary
17.05.2025   268
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   296
Jemgyýet Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
05.04.2025   313
Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   442
image