Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, onuň ähli pudaklaryna ösen tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak döwletimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Müşderilere hödürlenýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrylyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täze hyzmatlary yzygiderli bank işjeňligine girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýurdumyzda karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolmak bilen, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ösüş merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylan terminallarynyň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda bu ulgamlaryň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle-de yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilendir. Ýurdumyzda kartly töleg ulgamyny özgertmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär, bu ulgamda täze hyzmatlardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup çykyş edýän milli töleg ulgamynyň halkara töleg ulgamlaryna işjeň goşulyşmagy netijesinde, töleg amallarynyň sany düýpli artýar. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi, pul dolanyşygynyň tizliginiň ýokarlanmagy hem-de hasaplaşyklary geçirmekde çykdajylaryň azalmagy tölegleriň we hasaplaşyklaryň usullarynyň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we bu kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi bu ulgamda oňyn özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär. Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat saklaýan we geçirýän ulgama eýe bolup, özleriniň iş tejribesine täze görnüşli hyzmatlary ornaşdyrýarlar hem-de olary müşderilere hödürleýärler. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary göni (online) tertipde amala aşyrmagyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar.