Garaşsyz ýurdumyz oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda guralýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, ösdürmek babatda yzygiderli çykyş edýär. Bu ugurda 5 — 8-nji awgust aralygynda Hazar deňziniň kenarynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty wajyp ähmiýete eýedir.
Maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk 32 döwletiň geljek 10 ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza Maksatnamasy yglan edildi hem-de Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
Türkmenistan häzirki taryhy döwürde ähli döwletleri we yklymlary birleşdirýän, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bolan howa menzillerini, awtomobil we demir ýollaryny, gaz we elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak, döretmek bilen, halkara derejesindäki belent ornuny pugtalandyryp, Demirgazygyň we Günortanyň, Günbataryň we Gündogaryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda «Altyn derwezä» öwrüldi. Ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän halkara awtomobil we demir ýollary, howa menzilleri, halkara deňiz porty halklary birleşdiriji häsiýete eýe bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny özara baglanyşdyran, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň çäkleri Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça tebigy ulag geçelgesi bolup, bu geçelge geljekde iri dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berer. Her ýylda däp bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan «Ulag we logistika-durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň, Hazarýaka döwletleriň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisleriniň, halkara derejesindäki maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmeginiň halkara deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, port düzümlerini ösdürmekde, logistik maglumatlary alyşmakda ähmiýeti uludyr. Bu maslahatlarda Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamanyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere seredilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şertleri barada wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar.