Ukyp-başarnygyň bäsleşigi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ukyp-başarnygyň bäsleşigi

Jemgyýet
08.05.2026  114

«Zergärçilik sungatym — miras daragtym» diýen at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Daşoguz şäherindäki «Laçyn» toý mekanynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Sünnäli işiň ussatlary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, özleriniň aýratyn ukyp-başarnyklaryny, zehinini ezberlik bilen açyp görkezdiler. Olar bäsleşigiň «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» diýen şerti boýunça öz saýlap alan hünäriniň, kesp-käriniň ähmiýetini, öňünde goýan maksadyny, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan buýsançlaryny çeper sözleri bilen wasp etdiler. «Syrly sungat» şerti boýunça bolsa, öz ýaşaýan welaýaty, şäheri, etraby bilen bagly gadymy milli şaý-sepleri, olaryň ulanyş aýratynlyklary, gaşlaryň aňladýan manysy dogrusynda gürrüň bermek hem-de gülýaka, gupba, tumar, ýüzük ýaly şaý-sepleri ýasamak arkaly öz ussatlygyny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar «Altyn-kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» şertinde milli mirasymyza goýulýan belent sarpany goşgudyr gazallaryň, aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Özleriniň zehin-ussatlyklary bilen aýratyn tapawutlanan Daşoguz şäherinden Çemen Käbeýewa, Şamuhammet Atageldiýew birinji orna mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şabat etrabyndan Aýbibi Öwezmyradowa, Yhlas Abdyreýimow ikinji, Garaşsyzlyk etrabyndan Amandursun Hojaýewa, Bekmyrat Nepesow üçünji orunlara eýe bolmagy başardylar.

Ýeňijilere we gatnaşyjylara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Muny bilmek gyzykly
10.02.2025   373
Jemgyýet Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine
25.04.2026   129
Jemgyýet Awtotoplumdaky göwnejaý işler
24.02.2026   118
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   172
Jemgyýet Şanly ýylymyzyň waspçylary
17.12.2024   362
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   209
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   502
Jemgyýet Möhüm möwsümiň bosagasynda
27.05.2024   456
image