Tüwi iýen taplanar
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Tüwi iýen taplanar

Jemgyýet
10.05.2026  129

Halkymyzda arzyly myhmana, esasan, palaw hödürlenilýär, başga-da dürli tagamlar taýýarlanylýar. Ony has irki döwürlerden bäri türkmen tebipleri kesel bejermekde-de peýdalanyp gelipdirler. Ol halk lukmançylygynda häzirlerem ulanylýar.

Tüwiniň melhemlik häsiýetleri barada näme aýdyp bolýar? Taryhy maglumatlara görä, Gippokrat Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylary tüwüden taýýarlanylan tagamlary iýmäge mejbur edipdir. Bu tagam ýaryşdan ozal we soň berilýän eken. Şol tagamyň düzümine dürli däneleriň ýarmasy, suw, bal garylypdyr. Şular ýaly tagamlardan häzirki wagtda hem türgenler ýaryşlardan öň peýdalanýarlar. Bu ýöne ýerden däl. Alymlar tüwiniň adam bedenine zerur bolan ýokumlaryň we minerallaryň köpüsini özünde jemleýändigini tassyklaýarlar. Meselem, 100 gram bişirilmedik tüwüde 4.1 gram belok, beýleki däneleriň islendigi bilen deňeşdirilende köp mukdarda krahmal bar. Ol «B» ýokumlarynyň köp görnüşlerini özünde jemleýär. Bu ýokumlar bolsa degna ulgamyny berkidýär we deriniň, saçyň, dyrnaklaryň sagdynlygyna peýdalydyr. Tüwüde kalsiniň, demriň, kaliniň, marganesiň, fosforyň, magniniň, sinkiň bardygyny hem barlaglar görkezýär. Gadymy Gresiýada has irki döwürlerde hem tüwi derman hasaplanylypdyr we ysgynsyz, gartaşan adamlara, çagalara iýmek maslahat berlipdir.

Bulardan başga-da, holesteriniň möçberini azaltmak isleýänlere tüwi kömek edip biler. Çünki tüwi ýaglaryň özüni däl-de, diňe onuň käbir zerur böleklerini özünde jemleýär. Şoňa görä-de, tüwüli tagamlaryň köpräk taýýarlanylmagy maslahat berilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kitap — terbiýe mekdebi
22.05.2025   383
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   508
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.10.2025   178
Jemgyýet Bagtyýarlyk şuglasy
11.12.2025   160
Jemgyýet Baky bagtyň binýady
27.08.2026   58
Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   126
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   310
image