Bedew batly ösüşleriň şuglasy
Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen Garaşsyzlygyň şuglasy bu gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary döwrebap ösdürilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesine beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň beýik tutumlary, röwşen geljegimize gönükdirilen iri möçberli taslamalary muny aýdyň görkezýär.
Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir toý-baýram, şanly sene uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän bilim ulgamy has-da kämilleşýär. Her ýyl häzirki zaman multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, birinji synpa okuwa barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat gowşurylmagy, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde talyplara öwredilýän hünärleriň sanynyň artdyrylmagy, bilim ulgamy bilen baglanyşykly konsepsiýalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi milli bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ýaşamak, işlemek we syýahat etmek üçin iň amatly ýurtlarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň özara sazlaşmagy, biri-biri bilen baglanyşykly ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmaga esas bolýar.
Şu ýylyň halkymyz üçin aýratyn şöhratly ýyllaryň biridigini öwran-öwran belleýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine uly ösüşler bilen barmak we bu baýramy şöhratlandyrmak hormatly wezipämiz bolup durýar. Bu taryhy senäni mynasyp zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmak höwesi ýurdumyzda islendik ugurda we islendik kärde zähmet çekýän watandaşlarymyzyň baş maksadyna hem-de köňül küýsegine öwrüldi. Bu bilim işgärleri babatda hem hut şeýledir. Ylym-bilimde kämil hünärmenleri taýýarlamak bilen, beýik ösüşlerimize goşant goşýan mugallymlar üstünlikli zähmet çekýärler. Bu bolsa her bir ugruň ösüşlere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Bir söz bilen aýdylanda, şu günler ýurdumyzda emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ähli watandaşlarymyzyň ruhuna ruh goşup, olary rowaçlyklaryň belent sepgitlerine galkyndyrýar.