Türkmenistan — sport ýurdy
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Türkmenistan — sport ýurdy

Sport
26.03.2024  301

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz dünýäde sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlykda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen, sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar.

Geçen ýylyň ahyrynda gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge ygtyýar berilmegi bagtyýar halkymyzyň, dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de sport janköýerleriniň uly hoşallygyna eýe boldy. Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär.

Meňzeş habarlar

Sport Şatlyga beslenýän günler
24.06.2024   322
Sport Maşgalalar bäsleşdiler
19.02.2025   248
Sport Ýeňiji bolan zenan
13.11.2024   274
Sport Spartakiadanyň welaýat tapgyry
20.12.2022   373
Sport Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
16.04.2024   331
Sport Yhlas ― üstünligiň ýarany
29.11.2025   113
Sport Gyzgalaňly geçen ýaryş
17.09.2024   342
image