Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Sport
07.04.2026  33

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Ir säher bilen Daşoguz welaýat merkeziniň ajaýyp künjeginde — Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly çärelerine badalga berildi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Olarda sagdynlygyň mekanyna öwrülen mähriban Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy belentden belent ýaňlandy. Ýerine ýetirilen şowhunly tanslar, sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişe badalga berildi. Oňa welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan täze binalaryň, şaýollarynyň ugry bilen, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň, şeýle-de 36-njy çagalar bagynyň, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň deňinden toý şowhuny bilen geçen welosipedçiler soňra 10 müň orunlyk sport toplumyna geldiler. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasy örän täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Bu dabara dürli ulgamlarda zähmet çekýän ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda türkmen sportunyň ösüşleri, türgenlerimiziň üstünlikleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirýän beýik işleri şirin owazly aýdym-sazlarda wasp edildi. Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyşlar, ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Göwüngöteriji pursatlara beslenen dabaranyň dowamynda türkmen sportuny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, welaýatyň ähli etraplarynda dürli sport çäreleridir ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Sport
10.02.2025   324
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
13.02.2023   310
Sport Ýeňişli menziller «Galkanda»
22.04.2024   314
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
14.07.2025   221
image