Hukugyň, kanunçylygyň esasy wezipesi ýurtda düzgün-tertibi üpjün etmek, adamyň azatlyklaryny we hukuklaryny goramakdyr. Biziň milli kanunçylygymyzda durmuşyň esasy meseleleri baradaky garaýyşlar beýan edilýär we döwletimiziň hukuk we demokratik häsiýeti ýüze çykýar. Konstitusiýanyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar» diýlip kesgitlenilýär.
Demokratik döwlet diýlende, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde halkyň ykrar edilmegi, saýlawlylyk, aç-açanlyk ýörelgelerinden ugur alnyp döredilen wekilçilikli edaralar tarapyndan dolandyrylýan döwletde raýatlaryň erkinligini we deňhukuklylygyny üpjün edýän syýasy düzgüne düşünilýär. Hukuk döwleti bolanda, jemgyýetde häkimiýetiň adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny has doly üpjün etmek üçin şertleri döretmegine, şonuň bilen birlikde, kämil kanunlaryň kömegi bilen döwletiň öz häkimlik ygtyýarlyklaryny amala aşyryp, konstitusion esasda guralmagyna, döwletiň we şahsyýetiň biri-biri babatda özara jogapkärçiliginiň bolmagyna, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünip, olaryň biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket etmegine düşünilýär. Şeýle hem, hukuk döwleti diýen düşünje döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini aňladýar.
Ählumumy ykrar edilen kanunylyk, deňlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik, kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi ýaly ýörelgeler hukuk döwletiniň esasyny düzýär. Kanunylygyň kepilliklerinde durmuşy kepillikler ilkinji nobatda durýar. Syýasy kepillikler bolsa, raýatlaryň syýasy işjeňligidir. Saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklardyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alnyp, hukuk goraýjy edaralaryň işiniň esasy ugry adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny gazanmaga gönükdirilendir. Şonuň üçin kanun arkaly berkidilen bu hukuklar döwlet derejesinde kabul edilen maksatnamalar arkaly durmuşa geçirilýär.
Raýatlaryň hereket edýän kanunçylygy, ilkinji nobatda, Konstitusiýanyň kadalaryny bilmegi, olara hormat goýmagy we gündelik durmuşynda berjaý etmegi hukuk medeniýetiniň esasy alamatydyr, her bir raýatyň mukaddes borjudyr.