Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany

Jemgyýet
01.04.2025  360

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir günümiz taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp bahar paslynda ýurdumyza ýaz ýakymy bilen gelip gowşan hoş habar şanly ýylymyzyň dabarasyny has-da belende göterdi. Şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde üç gezek ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolmagy berkarar döwletimiziň parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň rowaçlygydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady berkidilen halkara gatnaşyklar ulgamy täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar. Şanly ýylymyzyň şygarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem doly goldanylandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyk gatnaşyklary Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda beýan edilýändigini hem bellemek möhümdir. Bitaraplygymyzyň hukuk kepillikleriniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda bu belent derejäniň ähmiýetine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi şanly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de dost-doganlygy giňden ýaýýan ülke hökmünde tanalýar. Ata Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek belent ykrarnama eýe bolmagy bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji syýasatynyň ajaýyp miwesidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»
24.12.2025   157
Jemgyýet «Bilimli nesil — kuwwatly Watan»
25.08.2025   149
Jemgyýet Sünnäli işiň söhbedi
02.05.2026   31
Jemgyýet Zenanlar guramasynda
12.10.2024   328
Jemgyýet Döwletli ýörelgelere badalga
06.09.2025   162
Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   110
image