Türkmeniň myrady hem syrdaşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşleri äleme dolýar. Ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şanly ýylymyzyň her bir güni ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Şeýle ösüşleriň bedew badyna deňelmegi halkymyzyň ýagşy arzuw-isleglerinden habar berýär.
Eziz Diýarymyzda behişdi bedewlere goýulýan sarpa bu günki gün dünýä derejesinde ykrar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen bu gün ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä doldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeginde atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň açylmagy, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň hereket etmegi, ÝUNESKO tarapyndan «Ahalteke bedewlerini seýislemek we atçylyk sungatynyň» guramanyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmen seýisçilik sungaty, ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen topragynda ýaşap geçen ussat seýisleriň ömür ýollary hakynda çuňňur söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän «Bedew», «Rowaç» atly ajaýyp goşgulary hem örän täsirlidir. Bedewleriň her gadamynyň halkymyzda rowaçlyga, ýagşylyga hem-de uly üstünlige ýorulýandygy bu gymmaty egsilmejek eserlerde wasp edilýär. Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At — myrat» ýaly gymmatly pähimleriň döredilmegi hem ýönelige däldir. Bu ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri behişdi bedewlere uly sarpa goýandygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere sarpa goýýan atşynaslaryň ýüzlerçesiniň bardygyny bellemek möhümdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda, tohum arassalygyny gorap saklamakda olaryň alyp barýan işleri aýratyn guwandyryjydyr.