Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ýaşlar syýasaty
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ýaşlar syýasaty

Syýasat
02.04.2023  114

Täze resminamada ýaşlary, ýaşlar guramalarynyň wekillerini we ýaşlaryň syýasatyny alyp barýan döwlet işgärlerini özara alyş-çalyş etmek; ýaşlar işleri boýunça iki döwletiň çäklerinde guralýan halkara maslahatlara we seminarlara gatnaşygy giňeltmek; bu ugurda tejribeleri we filmleri alyş-çalyş etmek; iki döwletiň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň festiwallaryna gatnaşmak ýaly anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende bellesek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2010-njy ýylda açylan kafedra arkaly türkmen talyplary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri hindi dilini öwrenýärler. Ynsanperwer ulgamda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga hem uly orun degişlidir. Bularyň ählisi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýakyndan ýardam berýär.

image