Täze 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň çägindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde guralan baýramçylyk dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi.
Ajaýyp döwrümizde welaýat merkezinde gurlup ulanmaga berlen döwrebap mekdeplerde, ýagny daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji hem-de iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdeplerde hem şeýle mazmunly baýramçylyk dabaralary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Ajaýyp baýrama bagyşlanan çäreler welaýatyň orta mekdeplerinde, ähli bilim ojaklarynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda ägirt uly hoşallyk duýgusyny oýardy.
Dabaralarda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler, gazanylýan üstünlikler we ylym-bilimden serpaýly nesiller üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikler dogrusynda buýsançly belläp geçdiler. Şeýle hem ajaýyp baýramçylyk mynasybetli mugallymlary we okuwçylary tüýs ýürekden gutladylar. Aýdym-sazly çykyşlar dabara özboluşly şowhun bagyşlady. Dabaranyň ahyrynda kakylan ilkinji jaňyň owazy mekdep okuwçylary üçin bilimler dünýäsine çakylyk bolup belentden ýaňlandy. Soňra baýramçylyk ruhunda bezelen ak mermerli döwrebap mekdepler gapylaryny giňden açyp, ähli okuwçylary, esasan hem, uly arzuw-umytlar bilen bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan 1-nji synp okuwçylaryny dabaraly ýagdaýda garşylady.
Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen mowzuk boýunça ýaýbaňlandyryldy.