Tomus — 2026
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Tomus — 2026

Jemgyýet
13.07.2026  46

Hazar tolkunlary, gyzykly gurnaklar we şadyýan pursatlar

Tomus paslynyň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylarynyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde iň arzyly we ýatda galyjy günleri dowam edýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini manyly, gyzykly geçirmekleri üçin TKA-nyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şeýle şadyýan pursatlaryň mekanyna öwrüldi. Daşoguz welaýatyndan hem mekdep okuwçylary 5 tapgyrda, her tapgyrda 36 çaga bu ýerde wagtlaryny manyly geçirýärler.

Deňziň ekologik taýdan arassa, jana şypaly hoştap howasy bilen utgaşýan bu merkezde körpeleriň ýatdan çykmajak tomus günlerini guramak üçin ähli amatlyklar döredilen. Bu ýerde dynç alýan ýaş nesilleriň diňe bir wagtlaryny şadyýan geçmekleri däl, eýsem, saglygyny berkitmekleri hem üns merkezinde saklanylýar. Ýokary hünärli lukmanlar tarapyndan çagalaryň fiziki taýdan taplanmaklary üçin dürli öňüni alyş çäreleri, ýod-bromly we ösümlik wannalary, şeýle hem açyk meýdandaky sport çäreleri we akwapark suw oýunlary yzygiderli guralýar.

Merkezde çagalaryň täze bilimleri we endikleri öwrenmekleri üçin hem hemme mümkinçilikler bar. Bu ýerde iň tejribeli mugallymlaryň we terbiýeçileriň ýolbaşçylygynda dürli gurnaklar — daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy, sungat we senetçilik, aýdym we tans gurnaklary hereket edýär. Şonuň ýaly-da medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri yzygiderli guralýar.

Kenarýaka boýunça gezelençler, Hazar deňziniň täsinlikleri bilen tanyşlyk çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, olarda tebigata aýawly çemeleşmäni kemala getirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
06.01.2025   342
Jemgyýet «Sary maýam çöküp otyr...»
20.10.2025   222
Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   443
Jemgyýet Ak ýollaryň asudalygy ugrunda
19.09.2025   177
Jemgyýet Derde derman önümler
23.07.2025   388
Jemgyýet Bagtyýarlyga beslenýän günler
09.08.2025   243
Jemgyýet At alsaň, aslyny sora
21.05.2026   100
Jemgyýet Zehini zyýada nesiller
20.02.2025   368
image