Güneşli möwsüm, bagtyýar nesil
Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry badalga aldy. Bu ýerde çagalaryň diňe saglygyny berkitmek däl, eýsem, olaryň wagtlaryny peýdaly, gyzykly guramak üçin ähli şertler döredilen.
Günüň ilkinji şöhleleri bilen merkezde çagalaryň şadyýan sesleri ýaňlanýar. Her bir gün irki maşklar bilen başlanýar. Çagalaryň aýtmagyna görä, arassa howada ýerine ýetirilýän bu maşklar olara günüň bütin dowamynda ýokary ruhubelentlik, güýç-kuwwat berýär.
Bu ýerde dynç alýan çagalaryň gün tertibi diňe oýunlar bilen çäklenmeýär. Bu ýerde guralan dürli gurnaklar olaryň zehinini açmaga giň mümkinçilik berýär. Surat çekmek gurnagynda çagalar öz arzuwlaryny, tomsuň ajaýyplygyny we gözel tebigatymyzy ak kagyza geçirýärler. Edebiýat sagatlarynda kitaphanada nusgawy edebiýatyň we häzirki zaman çagalar ýazyjylarynyň eserlerini, ertekileri okap, özara pikir alyşýarlar. Bu bolsa olaryň dünýägaraýşyny has-da baýlaşdyrýar. Dynç alşyň dowamynda çagalar täze tehnologiýalary we dilleri öwrenmegi hem unutmaýarlar. Merkeziň sport meýdançalarynda hem futbol, woleýbol, basketbol, şaşka, küşt we dürli şadyýan estafeta oýunlary oglanlaryň hem gyzlaryň halaýan güýmenjesi.
Agşamlaryna bolsa merkeziň uly sahnasynda aýdym-sazly, tansly dabaralar, zehinli çagalaryň çykyşlary guralýar. Olaryň ýüzlerindäki bagtly ýylgyryşlar, gözlerindäki şatlyk uçgunlary bu ýerdäki bagtyýarlygyň iň aýdyň subutnamasydyr.
«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen tomusky dynç alşyň körpeleriň kalbynda iň süýji we ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrjakdygy gümansyzdyr.
Çagalaryň şatlygy biziň bagtly geljegimiziň kepilidir.