Tomus — 2025
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Tomus — 2025

Jemgyýet
11.06.2025  272

Şatlykly günler

Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleri şadyýan geçýär. Belent daglaň jülgesinde ýerleşýän Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şonuň ýaly-da welaýatlardaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ajaýyp möwsüm guramaçylykly dowam edýär.

Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaga dynç alar. Häzirki wagtda dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda çagalar bu ýerde doly derejede dynç alýarlar. Merkezde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, ýörite  gurnaklar, kitaphanalar bar. Ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, çagalaryň welaýatymyzyň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklerine, muzeýlere gezelençleri guralýar. Mahlasy, merkezde geçýän her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine
25.04.2026   129
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   360
Jemgyýet Sapaly dynç alyş möwsümine badalga
01.06.2026   82
Jemgyýet Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
14.10.2024   419
Jemgyýet Waspy dillerde dessan
18.11.2025   160
Jemgyýet Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy
25.10.2025   192
Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   222
Jemgyýet Halk bähbitli tutumlar
31.07.2026   85
image