Töleg hyzmatlarynyň gerimi artýar
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Töleg hyzmatlarynyň gerimi artýar

Ykdysadyýet
16.03.2024  442

Ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron-söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň geçirilmegine mümkinçilikleriň açylmagy müşderiler üçin örän peýdalydyr. Çünki olar pul serişdelerini, şonuň ýaly-da wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Bank kartlarynyň, terminallaryň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmegiň, tölegleri tölemegiň müşderi üçin has-da amatlydygyny bellemek ýerliklidir. «Cash back» atly hyzmat görnüşi barada aýdylanda, onda kärendeçi kartlar hem-de goýum kartlar arkaly hasaplaşyk geçirilende müşderiniň tölän möçberiniň 2 göterimi möçberindäki pul serişdesi onuň kartyna düşýär. Mysal hökmünde getirsek, terminaldan edilen söwda 1 müň manatlyk bolsa «Cash back» hyzmaty bilen 20 manat müşderiniň peýdasyna galýar.

Şonuň ýaly-da «Maşgala» bank karty her bir maşgala üçin örän oňaýlydyr. Bu kart «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyna birikdirilýär we müşderiniň islegine görä maşgalanyň her bir agzasyna, şol sanda 7 ýaşdan uly bolan çagalara hem açylyp bilinýär. Onda müşderiniň arzasy ýa-da «Internet bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek puluň mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredilýär. «Maşgala» bank karty çagalara, talyplara zerur okuw esbaplaryny, beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bölegini tölemäge, öý telefony, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga mümkinçilik berýär. Şeýle şertlerden peýdalanmak bilen her bir raýat degişli bank edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank» hem-de «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly olaryň döredýän amatlyklaryndan yzygiderli peýdalanyp bilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup durýan milli töleg ulgamynyň ösdürilmegi bilen bank hyzmatlarynyň sany artýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   116
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   357
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   333
Ykdysadyýet Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
18.10.2025   260
Ykdysadyýet Möhüm möwsüme taýýarlyk
05.02.2026   200
Ykdysadyýet Tehnikanyň sazlygy — üstünligiň kepili
16.08.2025   261
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki aladalar
23.08.2025   293
image